Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp ösdürýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde türkmen halky bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär, täze binalar, şäherler, önümçilik desgalary gurulýar. Ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän özgerişleriň gözbaşynda halkymyzyň röwşen geljegi, ýagty ertirleri bardyr.
Bu gün, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ylym-bilime döwlet derejesinde berilýän ünsüň uludygy hemmämize mälimdir. Ýurtda bu ulgamy düýpli ösdürmek meselesiniň öz gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan alyp gaýdýandygy bizi diýseň guwandyrýar. Bilimi düýpli ösdürmek işinde ýurtda bimöçber işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesil hakyndaky aladasynyň netijesinde gurulýan çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň iň döwrebap mümkinçiliklere eýedigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu gün ýaşlarymyz döwrebap bilim alyp, dürli hünärleriň eýesi bolýarlar. Mahlasy, bilim we hünär almak üçin ähli şertler döredilendir.
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bütindünýä maglumat ulgamy bolan internete birikdirilen dürli okuw-usulyýet enjamlary bilen abzallaşdyrmak, mugallymlaryň hünärini kämilleşdirmek işi güýçli depginde alnyp barylýar. Bilim we terbiýeçilik işlerinde öňdebaryjy usullary, döwrebap sanly tehnologiýalary giňden ulanmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, daşary ýurt dillerini öwrenmek we beýleki möhüm ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek zerur ýerine ýetirilmeli maksatlardyr.
Garaşsyz Watanymyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine, bilimli, giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edip bilýän ýaş nesilleriň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde täze, döwrebap bilim edaralary yzygiderli gurulýar. Bilim bermegiň öňdebaryjy usullaryny, maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmekde, ýaşlaryň bilim derejesini we döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmakda baý tejribe toplandy. Döwletimiz tarapyndan ýaş türkmenistanlylaryň bilim almaklary, ýurdumyza, halkymyza mynasyp gulluk etmekleri üçin ähli şertler döredilýär.
Watanymyzyň röwşen geljegi hem daýanjy bolan ýaşlaryň bilimli-ylymly bolmaklary ugrunda ägirt uly tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwlet ähmiýetli beýik işleri rowaç bolsun!
Uzukjemal NEPESOWA,
Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, Kärdeşler arkalaşygynyň 2-nji guramasynyň işjeň agzasy.

