BIZE YAZYARLAR

Terbiýe-bagtly geljegiň kepili

Kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek ähli döwürde-de halkymyzyň üns merkezinde saklaýan esasy meselesi bolupdyr. Çünki terbiýeli, sagadatly perzentler öý-ojagyň oduny alawladyp, Watanyň şöhratyny, milletiň mertebesini arşa göteripdirler. Halkymyzyň milli gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny, edim-gylymlaryny özlerinden soňky nesillere geçirip, milli terbiýäniň özboluşly mekdebini döredipdirler. Bir söz bilen «Türkmençilik» atlandyrylýan şol mekdebiň sapaklary her öýde, her ojakda ýaş nesilleriň gulagyna guýlupdyr.

  Çagalykdan aksakgal gojalardan, kümüş saçly enelerden türkmençilik terbiýesiniň many-maňyzlaryny aňyna siňdiren perzentler öý-ojaga wepaly, watansöýüji, ynsanperwer, mert, halal, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişipdirler. Onsoň, geçmişde durmuşyň her hili kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolanlarynda-da halkymyzyň millet hökmünde taryhyň sahnasyndan düşmän, dilini, däp-dessurlaryny ýitirmän häzirki bagtyýar günlerimize ýetmeginde türkmençilik terbiýe mekdebiniň hyzmatynyň uly bolandygyna şek-şübhe bolup bilmez.

Ýaşlarda hemişelik Bitarap Watanymyza, merdana halkymyza, milli gymmatlyklarymyza we şöhratly taryhymyza buýsanjy artdyrmaklyk hem kämil terbiýäniň esasy maksady bolup durýar. Şeýle bolansoň, ýaşlara Watan diýen düşünjäniň mukaddesdigini düşündirmeli, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemeli. «Ýaşlaryň arasynda ösen jemgyýete mahsus bolan sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalaryny berkitmek, maşgalanyň hukuk derejesini ýokarlandyrmak, halkymyzyň mukaddes gymmatlyklaryna hormat goýmak ýörelgelerini ösdürmek meseleleri yzygiderli üns merkezinde saklanylmalydyr» diýýän döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, bu işde taryhy şahsyýetlerimiziň durmuş ýolundan mysal alynsa netijeli boljakdygyny aýtdy. Ýaşlaryň jemgyýetimizi has-da sagdynlaşdyrjak kämil ynsanlar bolup ýetişmeklerinde olara berilýän bilimleriň hiline-de uly orun degişli bolup durýar. Şoňa görä, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Diýarymyzyň ähli çäklerinde döwrebap tehnologiýalar hem-de sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylan orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleri, mekdebe çenli edaralar yzygiderli gurulýar. Bu zatlar ýaşlarymyzyň dünýä ylmyna düýpli aralaşmagyna ýol açýar. Häzirki döwürde orta we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan ýaşlarymyzyň dürli dersler boýunça halkara bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, mynasyp bolýan köpsanly altyn, kümüş we bürünç medallary Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlarymyzy döwrebap bilimli hem-de milli ýörelgelerimize ygrarly ruhda terbiýelemek babatda amala aşyrýan netijeli işleriniň miwesidir. 

Umumybilim edaralarynyň okuwçylarynyň öwrenijilik işjeňliginiň, ukybynyň, özbaşdak pikirleniş endikleriniň ösmegini gazanmak, okatmakda innowasiýalary, sanly bilim tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işine giňden ornaşdyrmak tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri döwrebap okatmagyň esasy ugurlarydyr. Tebigy we takyk ylmy ugurly derslerde berilýän bilimiň dünýä ölçeglerine laýyk gelmegini üpjün etmek bilim işgärleriniň esasy wezipeleriniň biridir.

Ylym, bilim, terbiýe uzak wagtyň we yhlasly zähmetiň miwesi hasaplanýar. Çünki, biziň eşretli hem-de bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşy ylmyň we bilimiň kämilleşmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagyna uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt we umumadamzat bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Arzuw Jumamyradowa

Türkmenabat şäheriniň 11-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: