Tennis boýunça Lebap welaýatynyň çempionaty geçirildi

Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebinde tennis boýunça Lebap welaýatynyň çempionaty geçirildi. Ýaryşa welaýatymyzyň türgenleriniň 126-sy gatnaşdy.

Olaryň görkezen netijeleri boýunça 2014 ― 2015-nji ýylda doglan türgenleriň arasynda oglanlardan Kadyr Nurmetow, gyzlardan Gülbahar Radžapowa birinji orny eýelediler. 2012 ― 2013-nji ýylda doglan türgenleriň arasynda bolsa Islam Oçilow we Nurana Agamuradowa öňdeligi elden bermediler. Türkmenabatly türgenler Ali Geldiýew we Daýana Şamuradowa dagylar 2010 ― 2011-nji ýyllylaryň arasynda ýeňijiler diýlip yglan edildiler. Türgenler Sabrina Rahmanowa, Azat Astanow we Ramina Abramowa dagylar hem öz deň-duşlarynyň arasynda birinjilige mynasyp boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector