Türkmenabat şäher we Çärjew etrap salgyt bölümleri welaýat neşirinde çap edilen bildirişiň üsti bilen telekeçilere «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň talaplaryna laýyklykda, salgyt töleýjileriň 2024-nji ýylyň jemi boýunça salgyt bölümine salgyt beýannamalaryny tabşyrmagyň möhletlerini ýatlatdy.
Bildirişde görkezilişi ýaly,
a) salgyt salmagyň umumy ulgamy boýunça salgyt töleýän telekeçiler üçin:
— goşulan baha üçin salgyt 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwaryndan gijä galman;
— şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydy boýunça 2025-nji ýylyň 25-nji ýanwaryndan gijä galman;
b) salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy boýunça salgyt töleýän telekeçiler
üçin:
— umumy girdejiden tölenýän girdeji salgydy boýunça 2025- nji ýylyň 15-nji fewralyndan gijä galman.
Türkmenabat şäher salgyt bölümi her gün sagat 09:00-dan 18:00-a çen li salgyt
beýannamalaryny kabul edýär. Sagat 13:00-dan 14:00-a çenli arakesme.
Şeýle hem bildirişde ýokarda görkezilen möhletlerde salgyt beýannamalaryny
tabşyrmadyk telekeçileriň Türkmenistanyň «Administratiw hukuk bozulmalary
hakynda» Kodeksiniň 300-nji maddasyna laýyklykda jogapkärçilige çekilip, olara
jerime ediş çäresiniň ulanyljakdygy ýatladyldy.
Telekeçilere salgyt beýannamalaryny tabşyrmagyň möhleti ýatladyldy

26
Dec