YKDYSADYÝET

Telekeçi tohumlyk ýeralmanyň on görnüşini ösdürip ýetişdirýär

2016-njy ýylda telekeçilik işine başlan telekeçi Aýdogdy Ýagşymyradow tohumlyk ýeralmanyň on görnüşini ösdürip ýetişdirmekde baý tejribe toplady.

Telekeçi ýurdumyzyň bazarlaryny ýokary hilli azyk önümi bolan ýeralma bilen üpjün etmek boýunça üstünlikli iş alyp barýar. Ol häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde 80 gektar, Kaka etrabynyň çäginde bolsa 200 gektar ýerde tohumlyk ýeralmanyň on görnüşini ösdürip ýetişdirýär. 150 adamyň zähmeti bilen ýetişdirilýän ýeralmalar bu günki gün ak bazarlarymyzy bezeýär.

Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: