JEMGYÝET

Telekeçi konditer önümleriniň 40-dan gowrak görnüşini öndürýär

Mary şäherinde ýerleşýän konditer kärhanasynda «Okgun» ady bilen konditer önümleriniň 40-dan gowrak görnüşi öndürilýär we ýurduň söwda nokatlaryna ugradylýar, diýip «Rysgal» gazeti ýazýar.

Telekeçi Döwletmyrat Täçmyradowa degişli kärhanada bäş sany önümçilik bölümi hereket edip, köke, wafli, şokolad we nogul süýjüleri ýaly konditer önümleri öndürilýär. Kärhananyň «Böwenjik», «Lezzet», «Sowgat» şokoladlar, «Garagum», «Okgun» kökeler, süýt, miwe, wanil tagamly, ýumşak wafliler ýaly konditer önümleriniň aýda 400 tonna golaýyny öndürmäge mümkinçiligi bar. Şekerli, şokolad örtükli, kakaonyň, ýer tudanasynyň tagamy berlen konditer önümleri uly islege eýe. Bu önümler goňşy ýurtlara hem eksport edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: