YLYM WE TEHNIKA

Telefon nokatlarynyň sany artýar

Şu ýylyň 9 aýynda Lebap welaýatynda 215 kilometr 418 metr aragatnaşyk ulgamlary çekildi. Hususan-da, etrap-şäherlerde täze dörän obalarda aragatnaşyk ulgamlarynyň çekmek, beýleki ýerlerde ozal bar bolan ulgamlary täzelemek işleri alnyp baryldy. Bu işler häzir hem güýçli depginde dowam edýär.
«Altyn asyr» mobil aragatnaşyk operatory boýunça şu ýylyň ýanwar ― sentýabr aýlary aralygynda Lebap welaýatynda ilata 90 müňe ýakyn belgi satyldy. Kompaniýanyň gepleşik we Internet boýunça täze hyzmatlary hödürlemegi bilen, müşderileriň sany barha artýar.
Şeýle hem şu ýylyň dowamynda öý telefonlary üçin paýlanylan täze belgileriň sany 1,5 müňden geçdi. Bu işiň hem esasan täze döreýän ilatly ýerlerde ýaýbaňlandyrylýandygyny aýtmak gerek.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply