Kerki etrabynda telefon nokatlaryndan peýdalanýan hojalyklaryň sany 16998-e ýetdi, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.
Ýylyň başyndan bäri täze mekan tutunan ýaşaýjylaryň 160-synyň telefon gurnamaga bolan haýyşy kanagatlandyryldy. Gazetiň habar bermegine görä, etrabyň çäginde internet ulgamy hem ösýär. Häzirki wagtda ýaşaýjylaryň 3095-si internet ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanýar.