UNCATEGORIZED

Telefon arkaly adam häsiýetini anyklamak

Hazirki zaman dünýäsinde adamy smartfonsuz göz öňüne getirmek kyn. Bu eýsem, tutuş dünýä boýunça adamlaryň köp bölegi tarapyndan günde peýdalanylýar. Psihologlar adamlaryň telefony ulanyşyndan onuň häsiýetiniň käbir taraplaryny anyklamagyň mümkindigini nygtaýarlar. Munuň üçin synçylygyňy peýdalanmaly. Adamlaryň siz bilen telefonda gürleýşine üns beriň:

  • – eger-de adam siz bilen diňe özi jaň eden ýagdaýynda keýpli gürleşýän bolsa, onda siziň öňüňizde diňe öz gyzyklanmalary boýunça hereket etmegi öwrenen egoist dur;
  • – eger-de adam telefony alanyndan „allo“ diýip gürleýän bolsa, onda siziň öňüňizde iş boýunça gürleşmegi makul hasaplaýan jogapkärli we sabyrly şahsyýet bar;
  • – ofislerde işleýän tertip-düzgünli we özüne ýokary baha berýän adamlar köplenç „diňleýän“ – diýip, jogap berýärler;
  • – aýgytly we biraz agressiw adamlar „aragatnaşykda“  diýip, jaňy kabul edýärler.

Ýakynda Melburn tehnologik uniwersitetiniň alymlary gyzykly derňew geçirdiler. Olar mobil gurluşlaryň ýerini üýtgedijiligine gözegçilik edýän akselerometrleriň maglumatlaryny öwrendiler we olaryň ulanyjylarynyň häsiýetleriniň arasyndaky baglanyşygyň bardygyny anykladylar. Ine geçirilen barlagyň esasy netijeleri:

  1. Duýgudaşlyga ýykgyn edýän hoşniýetli aýal-gyzlar jaňy kabul etmegiň ýerine, özleri köp jaň edýärler.
  2. Introwertler smartfony agşama ýakyn maksimum ulanmagy makul bilýärler.
  3.  Beýlekilere kömek etmeklige çalyşýan hoşniýetli adamlar smartfonlary  dynç günleri we iş günlerinde agşamlaryna köp ulanýarlar.
  4. Berk düzgünli adamlar günüň dowamynda şol bir nomere ikilenji gezek jaň etmeýärler.

Taýýarlan Jennet Raimbaýewa,

„Türkmen gündogary“ gazetiniň habarçysy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: