Tejenkarbamid önümleriniň eksportyny artdyrýar

Ahal welaýat gümrükhanasynda resmileşdirilen gümrük resminamalary «Tejenkarbamid» kärhanasynyň önümleriniň eksportynyň birsyhly artýandygyny görkezýär. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.
«Tejenkarbamid» zawody Ahal welaýatynda ýerleşýär. Kärhana ýurduň azot dökünlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrýar. Şeýle hem, karbamidi daşary ýurtlara uly möçberde eksport edýär.
Türkmen karbamidi, esasan, Owganystan Yslam Respublikasyna, Türkiýä, Özbegistan Respublikasyna, Hindistana iberilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply

Adblock
detector