JEMGYÝET

Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly drama tetrynda Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň gurnamagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparyny amala aşyrmagy mynasybetli tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. «Bedew bady bilen ak ýollara rowana» ady bilen geçirilen söhbetdeşlige welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalarynyň wekilleri gatnaşyp, Gahryman Arkadagymyzyň Hytaýa dostluk saparynyň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň («CNPC») direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan, şeýle hem Hytaýyň halkara atçylyk toplumyna baryp, atçylyk pudagynyň wekilleri, atşynaslar bilen geçirilen duşuşyklary dogrusynda giňişleýin söhbetler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar dostlukly ýollarymyzy alyslara uzaldaýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

Aýjahan MOLLAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.