Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik türkmen dutaryna bagyşlandy
Lebap welaýat kitaphanasynda okyjylaryň gatnaşmagynda tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Oňa gatnaşanlar saz sungatynyň ösüşiniň, saz gurallarynyň ýasalyşynyň taryhy, meşhur bagşylar barada gürrüň berdiler. Mekdep okuwçylary we talyplar bu maglumatlary okalga zallarynda birindäki kompýuterleriň kömegi bilen elektron kitaphanadan hem aldylar.
Çäre dutar ýasamak senetçiliginiň hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanyldy.