Institutymyzyň tebigat bilimleri fakultetiniň himiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymlarydyr talyplarynyň gatnaşmagynda «Himiýa senagaty ― röwşen geljege ýol» atly «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüniň tutulmagy «telegelek stoluň» başyndaky söhbediň esasy mowzugy boldy.
Bellenilişi ýaly, bu baýry kärhana ýurdumyzyň himiýa senagatynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen zawodyň mümkinçilikleri artdyrylyp, önümçilik işleri barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu zawodyň işini geljekde kämilleşdirmek wezipesi bolsa şu günki ýaşlaryň egninde. Şonuň üçin hem halypa mugallymlar ýaşlara, ilkinji nobatda bolsa çagalara himiýa dersini söýdürmegiň
pedagogik tärleri barada gürrüň berdiler. Bu gürrüňler söhbetdeşlige gatnaşan talyplar üçin diýseň gyzykly boldy.
Ýeri gelende aýtsak, kafedrada talyplara himiýanyň esasy düşünjelerini we kanunlaryny, himiki hadysalaryň geçişiniň kanunalaýyklyklaryny, eksperimentler geçirilende tehniki howpsuzlyk çärelerini berjaý etmegi, döwrebap tehnologiýalaryndan peýdalanmak bilen okuw-terbiýeçilik işlerini guramak, ylmy-barlaglary alyp barmak başarnyklaryny ösdürmekde yzygiderli işler alnyp barylýar.
Kafedrada umumy we organiki däl himiýa, organiki himiýa, analitiki himiýa, fiziki himiýa, kolloid himiýa, organiki däl sintez, organiki sintez, biohimiýa, himiki tehnologiýa, himiýany okatmagyň usulyýeti, maddalaryň gurluşy, himiýadan meseleleri çözmegiň usullary ýaly dersler okadylýar. Tejribe sapaklary ýörite enjamlaşdyrylan tejribe otaglarynda geçirilýär. Bu bolsa olaryň alan nazary bilimlerini berkitmäge, täze ylmy açyşlary alyp barmaga uly itergi berýär.
Leýli MOMMYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen
döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
