DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Tebigy gaz: dünýä energetikasyndaky öňdebaryjy orun

Tebigy gaz häzirki wagtda hem dünýä energetika ulgamynyň iň möhüm serişdeleriniň biri bolmagynda galýar. ABŞ-nyň Energetika institutynyň “Statistical Review of World Energy” hasabatyna esaslanýan soňky maglumatlar dünýä bazarynda öňdebaryjy ýurtlaryň ornuny aýdyň görkezýär. 2024-nji ýylda ABŞ 1,03 trillion kubmetrden gowrak gaz öndürip, slanes ýataklarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň hasabyna uly aratapawut bilen birinji orny eýeledi hem-de Ýewropa üçin suwuklandyrylan tebigy gazyň (STG) iň iri eksportçysy boldy. Russiýa bolsa takmynan 630 milliard kubmetr öndürip, Ýewropa eksportynyň azalýandygyna garamazdan, Aziýa bazaryna ýüzlenmek we STG kuwwatlyklaryny giňeltmek arkaly öňdebaryjy oýunçylaryň hatarynda galýar.
Eýran we Hytaý degişlilikde 263 we 248 milliard kubmetr gaz çykaryp, ilkinji dörtlügi düzýärler, Hytaýdaky ösüş bolsa ýurduň energetika garaşsyzlygy ugruna gönükdirilendigini görkezýär. Şeýle-de ilkinji onluga Kanada, Katar, Awstraliýa, Saud Arabystany, Norwegiýa we Alžir girýär: Katar bilen Awstraliýa STG bazarynda esasy orunlary eýeleýär, Norwegiýa Ýewropa turbalar arkaly gaz ugradýan möhüm ýurda öwrüldi, Alžir bolsa Afrikanyň günortasy üçin ähmiýetlidir. Energetikanyň geljegi baradaky çekişmeleriň arasynda tebigy gaz senagatda we elektroenergetikada öňküsi ýaly “geçiş ýangyjy” hökmünde möhüm orun eýelemegini dowam etdirýär.