Lebap welaýatynda 2026-njy ýylyň ilkinji iki aýynda 4 milliard 80,7 million kub metr tebigy gaz çykaryldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 63,6 million kub metr köp bolup, ösüş depgini 1,6 göterime ýetdi.
Welaýat ýurdumyzyň gaz senagatynyň esasy merkezleriniň biri bolup, täze guýularyň işe girizilmegi hem-de önümçilik tehnologiýalarynyň kämilleşdirilmegi çykarylan gazyň möçberiniň artmagyna şert döredýär. Bu bolsa ýurduň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna çykarylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Tebigy gaz çykarylyşy ýokarlanýar
13
Mar

