Çärjew etrabynyň «Tebigy ekin» daýhan hojalygynda 200 gektar ýerden 600 tonna derek 1952 tonna hasyl alnyp, meýilnama 325 göterim ýerine ýetirildi.
Şeýle zähmet üstünligi Hojambaz we Köýtendag etrabyndaky ýaýlalarda Çärjew etrabyna degişli ýerlerde hem gazanyldy. Bu ýaýlalarda 4725 gektar ýerden 7088 tonna hasyl almak meýilleşdirilýärdi. Alnan hasyl bolsa 7600 tonnadan hem geçip, meýilnama 107 göterim berjaý edildi.
Şu ýyl etrap boýunça 24 müň 200 gektar ýerden 71 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Şonuň agramly bölegi — 60 müň tonnadan gowragy eýýäm Watanymyzyň tylla çäjine tabşyryldy. Bu işde H.Hajyýew adyndaky, «Amyderýa», «Jeýhun», «Watan» daýhan birleşikleri we «Tebigy ekin» daýhan
hojalygy beýleki hojalyklara görelde bolýar.
«Tebigy ekin» meýilleşdirileninden 3 esse kän bugdaý tabşyrdy

24
Jun