YKDYSADYÝET

«Tebigy ekin» maldarçylyga hem girişildi

Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň döwlet tarapyndan
uzak möhletleýin esasda bölünip berlen 270 gektar meýdanyny ýeralma ekini eýeleýär.
Şunuň bilen bir hatarda, 20 gektar meýdany ýazlyk sogan eýeläp, wagtly-wagtynda geçirilýän
göwnejaý suwaryş, bejeriş, dökünleme işleri işçi-hünärmenleriň daýhançylyk tejribesiniň
ýokarydygyndan habar berýär. Hojalyga degişli ýerleriň 169 gektaryny eýeleýän gowaça
agrotehniki kadalara laýyklykda dowamly ideg edilýär. Bu işler degişli ugurda iň soňky
gazanylan ylmy tejribelere daýanýar.
Şu ýerde daýhan hojalygyna degişli ýerleriň 9 gektaryny üzüm, 24 gektaryny bolsa alma,
armyt, ülje, erik, şetdaly ýaly miweli baglaryň eýeleýändigini bellemek gerek. Olardan şu ýyl
ekologiýa taýdan arassa we tebigy hasylyň uly tapgyryny almagy maksat edinýän işgärler
miweli baglaryň hersiniň öz ideg ediliş aýratynlyklarynyň bardygyny aýdýarlar.
«Tebigy ekin» daýhan hojalygynda ekerançylyk we miweçilik bilen utgaşyklylykda,
maldarçylyga-da uly üns berilýändigini aýtmaly. Hojalyga degişli döwrebap maldarçylyk
toplumy hereket edip, ol ýerde ownuk şahly mallaryň 400-e golaý baş sany idedilýär. Häzirki
wagtda olara ýaz otundan iým taýýarlanyp berlip, munuň özi dowarlardan oňat önüm
almagy şertlendirýän ýagdaýdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: