BIZE YAZYARLAR

Tebigatyň zyýanly we howply ýagdaýlarynda ilaty goramak we adatdan daşary ýagdaýlarda öňüni almak

Dünýä inenden beýläk adam daşky gurşawa uýgunlaşmaga, öz janyny
goramak üçin tebigatyň ýaramaz şertleri bilen bellibir derejede göreşmäge, zyýanly täsirlerden we hadysalardan goranmaga mejbur bolýar.
Daşky gurşawyň adam saglygyna ýiti täsir edýän şertlerine şu aşakdakylary
degişli edýärler: energiýa täsiri (şol sanda fiziki meýdanlar), atmosferanyň
ýagdaýynyň we himiki düzüminiň üýtgäp durmagy, ygal; zeminiň toprak
gatlagynyň fiziki, himiki we mehaniki häsiýetleriniň özgermeginiň, daşky
gurşawyň bioulgamlarynyň üýtgäp durmagy; howa hadysalarynyň gyradeň we birsydyrgyn gaýtalanyp durmagy we ş.m.
Ýaşaýşyň esasyny daşky gurşaw bilen sagdyn alyş‑çalyşlyk düzýär. Zemin
taryhynyň müňýyllyklar barlygynda adam tebigatda bar bolan serişdeleri
oýlanyşykly peýdalanyp, onuň bilen sazlaşykly ýaşapdyr. Käbir zyýanly täsir
ýetäýende-de, adamyň iýen-içeni bilen barypdyr, şunda adamyň syna gurluşy – iýmit siňdiriş agzalary we bagry howp döredýän hadysanyň täsirini aýryp bilipdir. Emma soňky ýyllaryň dowamynda bu ýagdaý düýpgöter özgerdi. Biziň ýaşaýan, dem alýan howa we suw gurşawymyzda saglygy zeperleýji täsirler köpelip başlady. Senagat önümçiliginiň ösmegi, tokaýlaryň çapylyp aýrylmagy, awtoulag gurluşygynyň güýçli depgin bilen giňelmegi ýaly hadysalaryň daşky gurşawa edýän täsiri zeminiň tebigy düzümine ters gelýär. Emeli döredilen bu ýagdaýdan tebigatyň özi saplanyp bilmeýär. Netijede, howanyň ýylamagy ýaly global howply täsirler ýüze çykyp başlady. Dem alýan howamyzyň hapalanmagy keselçiligi artdyrdy. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, uly şäherlerde ýaşaýan adamlarda obalylaryňka garanyňda öýkeniň howply çişmesi, bronhit, demgysma, tenginler, allergiýa ýaly agyr keselleriň döremek howpy iki esse ýokarydyr.
Howply hadysa – adamyň ömrüne, saglygyna we emlägine düýpli zeper
ýetirmek wehimini salýan ýagdaýdyr.
Kyn ýagdaýda adamyň özüni alyp baryş edebiniň görnüşleri:
• Aljyramak (adam iki ýana urunýar, gaçyp gidesi gelýär, gorkudan ýaňa
«kelebiniň» ujuny ýitirýär).
• Ruhy sarsgyn (adam duran ýerinde durýar, emma huşuny ýitiren ýaly
bolup geçýän zatlary aňlap bilenok, käwagt bolsa özünden gidýär);
• Adamyň hereketleri oýlanyşykly, saldarlanan hem okgunly bolýar.
Garaşylmadyk kynçylyk öýde otyrkaň, işleýän ýeriňde ýa-da dynç alyşda
ýüze çykyp biler. Möhümi – islendik pursatda garaşylmadyk ýagdaýlara taýýar bolmaly, olara dürs baha berip, haýal etmän çykalga tapmagy başarmaly.

Adatdan daşary ýagdaý – ýol hadysasy (tehnikanyň ýa-da enjamlaryň
döwülmegi netijesinde ýüze çykýar), tebigy betbagtçylyk (tebigatda bolup geçýän hadysalaryň netijesi), iri möçberli howp-hatarlar (adamlaryň heläk bolmagyna getirýän wehimli ýagdaýlar ýa-da tebigy betbagtçylyklar); duşman tarapyndan köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ulanylmagy zerarly adamlaryň kadaly durmuşynyň düýpli bozulmasydyr.
Adamyň ýaşaýyş-durmuş howpsuzlygynyň ulgamy – durmuşyň we
zähmetiň islendik ugrunda onuň synasynyň şikeslenmeginiň doly aradan
aýrylmagyny üpjün edýär, aýratyn kynçylykly ýagdaýlarda bolsa, zerur bolan
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegini göz öňünde tutýar.
Goranyş desgalarynyň görnüşine laýyklykda howpsuzlyk ulgamlary şu
aşakdaky toparlara bölünýär:
• Gündelik durmuşda her bir adamyň we tutuş ilat köpçüliginiň
howpsuzlygyny goramak üçin niýetlenen ulgamlar;
• Tebigy gurşawy goramagyň ulgamlary;
• Döwlet howpsuzlygy ulgamy;
• Bütindünýä howpsuzlyk ulgamy.
Howpsuzlygyň we baş alyp çykmagyň şahsy ulgamy toslanyp tapylan bir
maksat däldir. Bu howpsuz ýaşamagyň baş serişdesidir. Ol uzak wagtlap kemala getirilýär we adamyň bütin ömründe yzygiderli sünnälenýär we kämilleşdirilýär.
Betbagtçylyk duýdansyz gelýär. Ýangyn, apy-tupan, suwuň joşmasy,
edara-kärhanada bolan partlama, daş‑töweregiň radioaktiw maddalar bilen
zeperlenmegi, dürli zäherleriň dökülmegi we howa siňmegi, ýol-ulag hadysalary, beýleki kynçylyklar we tebigy betbagtçylyklar ýüze çykanda adamlary düýpli aladalandyrýar we kyn ýagdaýa salýar. Bu hadysalar adamlarda düýpli şikesleri, ýiti zäherlenmeleri, ýangynlary ýüze çykaryp bilýär. Ýöriteleşdirilen kömek gelip ýetýänçä adamlara gaýragoýulmasyz kömek bermegiň zerurlygy artýar. Gan akmalar, dem alşyň bes etmegi, ýanmak ýaly agyr zeperlenmelere sezewar bolan adamlara degerli kömek bermeseň, olar lukmanlaryň gelerine ýetmän aradan çykyp bilýärler.
Şunuň ýaly ýagdaýda adamyň ömür bilen ölüm arasyndaky tapawudy çala
bir tilsim bolýar we minutlara, käwagt bolsa sekuntlara baglanýar. Ejir çekene kömek bermegem özümize bagly, muny başga edere adam ýok. Diri galan, aman-esen saklanan, pikirlenmek we oýlanyşykly hereket etmek ukybyny ýitirmedik adamlaryň çalasyn we dogumly hereketleri birgiden adamy ölümden halas edip bilýär. Munuň üçin olar ejir çekene ilkinji kömegi bermegiň düzgünlerini bilmelidirler. Şu maksat bilen golastynda bar bolan islendik zady: boýunbagyny, elýaglygy, çöpleri, taýaktagtany, aýal maşgalalaryň baş ýaglygyny peýdalanýarlar, olaryň kömegi bilen zogdurylyp akýan gany saklaýan daňylary goýýarlar, döwlen-ýenjilen synalary gymyldamaz ýaly berkidýärler.
Adamlaryň özüniň adatdan daşary kynçylykly ýagdaýlara taýýarlykly
bolmagy döwlet tarapyndan amala aşyrylýan degişli howpsuzlyk çärelerinden möhüm bolmasa, pes däldir. Özüni goramaga taýýar bolan adam beýlekileriň hem saglygyny we ömrüni halas etmäge ýardam berip bilýär.
Apy-tupan inende, gözegçilikden çykan ýangynyň ýaýran mahaly ýa-da ýer
yranyp, weýrançylyga sezewar bolnanda nähili hereket etmelidigini bilseň,
howpuň inip biljek ýerine we ýagdaýlaryna belet bolýarsyň, aljyraňok. Kynçylykly ýagdaýda ilkinji heläk bolýanlar, hut aljyraňňylyga aňyny aldyryp, alňasap, iki ýana urunýan adamlardyr.
Adatdan daşary ýagdaýlarda ömrüňi we saglygyňy goramagyň esasy şerti
goranmagyň, özüňi alyp barmagyň we ilkinji kömegi bermegiň kadalaryny berk özleşdirmekdir.
Kynçylykdan ejir çekene, synasyna düýpli zeper ýetene ilkinji kömegi
bermegiň usullaryny her bir adam bilmelidir.
Adatdan daşary ýagdaýlar, köp halatda, giň çäklere ýaýrap, gaty köp
adamyň bir wagtda şikeslenmegine getirýär, olaryň barysy-da birden kömege
mätäç bolýarlar. Şeýle ýagdaýda köp sanly pidalaryň öňüni almak üçin ilaty
lukmançylyk taýdan goramagyň giň gerimdäki çäreleri amala aşyrylýar. Bu iş öz içine bejeriş geçiriş, arassaçylyk-öňüni alyş, howply ýokanç keselleriniň
ýaýramagyna böwet basyş çärelerini alýar. Özem bu çäreler tizden-tiz, aňrybaş dürs we ýörite taýýarlanan taýýarlykly gulluklar we hünärmenler tarapyndan, şol sanda raýat goranyş gullugynyň lukmançylyk düzümleri tarapyndan amala aşyrylmalydyr. Bu işiň has guramaçylykly we netijeli geçirilmeginde
betbagtçylygyň ojagynda ýaşaýan we zähmet çekýän adamlaryň özüniň hem
taýýarlykly bolmagynyň we erjel hereket etmeginiň orny uludyr.
Betbagtçylykdan ejir çekene ilkinji kömegi bermegiň esasy ýörelgeleri
lukmanlar tarapyndan işlenip taýýarlanan we adatdan daşary ýagdaýlarda hereket edýän halkara lukmançylyk ülňülerine laýyklykda amala aşyrylýar.

Aýna Gurbangeldiýewa
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: