BIZE YAZYARLAR

Tebigatyň saglyk serpaýy

Tebigatyň eçiln saglyk serpaýynynň biri hem buýan kökidir. Buýan köki dermanlyk serişde hökmünde biziň eýýamymyzdan 2800 ýyl ozal hem hytaý lukmançylygynda ulanylypdyr. Oňa gadymy hytaýlylar «gansao» ― «süýji ösümlik» diýip at beripdirler. Hatda hytaý we tibet alymlary buýan köküniň dermanlyk häsiýetini ady rowaýata öwrülen ženşeniň köki bilen deňeşdiripdirler. Buýan köküniň dermanlyk häsiýeti gadymy grek we rim lukmanlarynyň arasynda hem meşhur bolupdyr. Taryhy çeşmelerde ony grekleriň «glissira», rimlileriň bolsa «lakrisa» diýip atlandyrandygy ýazylýar. Buýan kökünden haýyr tapmagyň syrlary greklerden araplara, olardan hem Günbatar Ýewropa geçipdir. Gündogarda «Lukman hekim» diýlen at bilen tanalýan meşhur alym we lukman Abu Aly ibn Sina «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly işinde buýan köküniň dermanlyk häsiýetlerine diýseň uly baha beripdir.
Ýokarilli lukmançylygymyzda hem iň peýdaly derman ösümlikleriniň biri hökmünde buýan köküniň orny aýratyn uly bolupdyr. Mundan bir asyrdan gowrak ozal bolsa «Mark-Andrýus» atly iňlis-amerikan kärhanasy Türkmenistanda buýan köküni taýýarlamagyň düýbüni tutupdyr.
Şol önümçiligiň binýadynda täze Garaşsyzlyk ýyllaryna çenli bu ýerde buýan köki bilen bagly dürli görnüşli kärhanalar döredilipdir. Çünki türkmen topragynda bitýän buýanyň has güýçli dermanlyk häsiýeti tutuş asyryň dowamynda hemmeleriň ünsüni özüne çekip gelipdir. Häzirki toplum bolsa öz gözbaşyny 1991-nji ýyldan alyp gaýdýar.
Süýji buýanyň düzüminde 23 göterime çenli glisirrizin turşusy bar. Bu bolsa onuň esasynda allergiýany, sowuklamany, bronh demgysmasyny, süýjüli başy (ekzemany) bejermekde we wiruslara garşy ulanylýan dermanlar taýýarlanýar.
Ýurdumyzyň dermanhanalarynda buýan kökünden taýýarlanylan melhemlikleriň birnäçe görnüşi hödürlenilýär. Olaryň arasynda gök çaý bilen garylan buýan köki, köküň diňe özünden taýýarlanylan çaý, arassalanan, süýri, däne görnüşli kök we buýan köküniň şerbeti ýaly görnüşler bar.

Zubida IZBASTYÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.