Tebigaty goraýjylar Köýtendagda duşuşdylar
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri iş maksatnamasyna laýyklykda Köýtendag etrabynda bolup, jemgyýetiň agzalary bilen duşuşdylar.
Duşuşyga jemgyýete agza bolup durýan edara-kärhanalaryň işgärleri we tebigaty söýüjiler gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler döwrüň möhüm meselesi bolan ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak hakynda durup geçdiler.
Köýtendagyň çäklerinde hereket edýän senagat kärhanalarynyň ekologiýa taýdan howpsuz bolmagy esasy talaplaryň biridir. Kärhanalarda howanyň, topragyň önümçilik galyndylary bilen hapalanmagyň öňüni alýan enjamlaryň oturdylmagynyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýanlygy duşuşykda edilen çykyşlarda giňden bellenildi.