JEMGYÝET

Tebigaty goramak baş wezipämiz!

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen häzirki döwürde  daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak meseleleri ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa maksatnamasynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi biziň her birimizi ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny goramak babatda öňde goýlan anyk wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmeklige borçlandyrýar.  Taryhdan belli bolşy ýaly, biziň parasatly pederlerimiz tebigatymyzyň gözelligine, sahawatly topragymyzyň rysgal-berekedine sarpa goýmagy, ony aýawly saklamagy hem-de artdyrmagy başarypdyrlar. Bu ajaýyp däp-dessurlary dowam etdirmek bolsa biziň mukaddes borjumyzdyr.

Soňky ýyllarda tebigaty goramak, suw, ýer we geologiki serişdeleri netijeli peýdalanmak, biologiki köpdürlüligi hem-de tebigy aýratynlyklary goramak, çölleşmä, gür tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa ugrundaky düşünjesini ýokarlandyrmak, şeýle hem howanyň hapalanmagyny azaltmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Milli Liderimiz her ýylda gök zolaklaryň döredilmegine özi gözegçilik edýär. Tutuş ýurdumyzda tokaý zolaklary, seýilgähler döredilýär. Şäherleriň we obalaryň töwereklerini “gök zolaklar” büreýär. Munuň özi howanyň amatly bolmagyna, ilatly ýerleriň epgekden we tozanly ýerlerden goralmagyna mümkinçilik berýär.

Ekologiýa pudagy ýaly möhüm ugurda halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşýan Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýola goýulýan oňyn gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyny we giňeldilmegini, şeýle hem iri halkara guramalary we düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini esasy ugur edinýär. Tebigaty goramak meseleleri boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen, ýurdumyz BMG-niň biologiýa köpdürlüligi hakyndaky, çölleşmä, howanyň üýtgemegine garşy göreş, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini goramak hem-de netijeli peýdalanmak boýunça tebigaty goraýyş konwensiýalaryny tassyklady. Şeýle hem ýurdumyzyň öňe sürýän netijeli başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolup, ata Watanymyz ekologiýa bagyşlanan halkara maslahatlaryň geçirilýän ýurduna öwrülýär. Soňky ýyllarda sebitde ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine önjeýli goşant goşýan ýurt hökmünde güneşli Diýarymyzyň abraý-mertebesiniň artmagy bizi diýseň buýsandyrýar.

Biz — bilim işgärleri hem türkmen tebigatynyň baýlyklaryny goramakda, saýaly we miweli agaçlaryň köpeldilmegi, olara ideg edilmegi ugrunda içgin aladalanýarys. Biz talyplarymyz bilen welaýatymyzda ýerleşýän tebigy goraghanalarda bolýarys.  Bu bolsa talyplarymyzyň bilimini artdyrmakda azajykda bolsa goşant goşýar. Bu ugurda alyp barýan işlerimiz özüniň owyn netijesini hem berýär. Mekdebimiziň mugallymlary we talyplary oba hojalyk ulgamyny has-da ösdürmek ugrunda alyp barýan aladalaryna köp sagbolsun aýdýarlar. Goý, bizi baky bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag belent başy aman bolsun! 

Joşgun Abaýew,

Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: