BIZE YAZYARLAR

Tebigata söýgi döredeliň!

Tebigatyň abadançylygyny gazanmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan iň möhüm ugurlarynyňbirine öwrüldi. Daşky gurşawyň goraglylygy adamzadyň geljeginiň goraglylygydyr.
Mähriban diýarymyzyň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyryp, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde miweli we saýaly baglaryň, üzüm meýdanlarynyň täze zolaklarynyň döredilmegini gazanmak biz ýaşlara borç ýalydyr. Her ýylda ýurdumyz boýunça agaç nahallaryny oturtmagyň ýazky we güýzki möwsümlerini geçirmek ajaýyp döwrümize bezeg berýän asylly, döwrebap däpleriň birine öwrüldi.
Biz bagtyýar ýurduň bagtyýar raýady. Häzirki ajaýyp döwrümizde, döwletli işleriň şaýady bolup Ekologiki abadançylygy goramakda alnyp barylýan işlere öz goşandymyzy goşmak üçin nahal ekmek çärelerine işjeň gatnaşýarys. “Bir nahal ekseň ýaşyň bakydyr” diýlişi ýaly, biz talyp ýaşlar hem öz okuw jaýymyzyň çäklerine müňlerçe ýaş, miweli bag nahallaryny oturtdyk. Agaçlar howanyň
düzüminde bar bolan köp mukdardaky kömürturşy gazyny özüne siňdirip, adamzat ýaşaýşy üçin möhüm bolan kislorody bülüp çykarýar. Onsoň ýurdumyzda ählihalk işine öwrülen gök-guşaga , bagy-bossanlyga öwürmek ýaly giň gerim alan asylly, döwletli işiň ynsan saglygy üçin ähmiýetiniň diýseň uludygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek.
Ajaýyp zamanamyzda daş-töweregimiziň abadanlygyny, arassalygyny berkitmekde, bu işlere ýaş nesilleri işjeň çekmekde, olarda ekologiýa medenýetini kemala getirmekde taýsyz tagallalary edýän, nusgalyk görelde bolýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz çäksizdir.

HOJAGELDIÝEWA Hasiýet,
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: