BIZE YAZYARLAR

Tebigat – gözelligiň gönezligi

Bahar tebigatynyň özboluşlylygy göwünleri göterýär. Gün çykanda ýapylaryň ýüzi öňküsindenem has açyk, ter görnüşe eýe bolýar. Otlaryň baldajyklaryndaky gözýaş deý bulduraşypjyk duran nepisje damjalaryň ýüzünde ýedi öwüşginli älemgoşar görünýär. Bu topraga gadamy ýaraşýan gülgün baharyň ýagty durkunda kalba ornan şirin duýgular durlanýar. Ýerden ýaňy saýlanyp ugran Gün daň çygyna ýuwlan derekleriň zowwam hatarynyň aňyrsyndan birenaý ýylgyrjaklap seredýär. Zerbap öwüsýän bulutlar kem-kem pessaýlap, hol gözýetimde  ýaýylan ýukajyk  dumana çümüp gidýär, bu ahwaldan tebil tapyp, baglara tarap taýyp gelýän näzik şemal daragtlaryň taryny yrgyldadyp, hoş owazly saz edýär

Dört pasylda köňüllere şatlyk paýlaýan tebigat biziň ikinji öýmüzdir. Daşky gurşawyň arassalygy ynsan saglygyny goramagyň esasy şertleriniň biridir. Garagumdaky ”Altyn asyr” türkmen köli ähli welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýygnanýan şorlaşan lagym suwlaryny bir ýere toplamak üçin niýetlenilip, sebitiň ekologik ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär. Bu köl suw gorlaryny aýawly saklamak bilen bagly ähli meseleleri çözmäge uly goşant goşýar.

Bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda zeýkeşleriň ugrundaky çäkler tanalmaz derejede özgerdi. Suw howdanlarynda balyklaryň dürli görnüşleri köpeldilip başlandy, ýurdumyzda ýaşyl zolaklaryň çägi giňeldi. Uzak menzillerden uçup gelýän guşlaryň düşlemegi üçin amatly ot-iým serişdeleri ýüze çykdy.

Tebigatyň arassalygy durmuşymyzyň zynaty. Hazar deňziniň türkmen bölegi ekologik taýdan iň arassa ýerl hasaplanylýar. Ýurdumyzyň tebigat gözelligi durmuşymyza ýaraşyk berýär. Her ýyl ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ekilýän miweli we saýaly agaç nahallary tebigat dünýämizi nurlandyrýar.

Etrabymyzyň bilim ojaklarynda hem mekdepleriň, çagalaryň baglarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmeklige uly üns berilýär. Mekdep okuwçylarynyň arasynda daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly surat çekmek we goşgy düzmek boýunça döredijilik bäsleşikleri guralýar. Mugallymlar we terbiýeçiler öz geçýän sapaklarynda ýaşlarda tebigata bolan söýgüni oýarmaklygy göz öňünde tutýarlar.

Şeýle çäreler ýaşlaryň daşky gurşawyň gözelliklerine aýawly çemeleşmeklerine ýardam edýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerde tebigata bolan çuňňur söýgini oýarmak we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek biziň mukaddes borjumyzdyr.

Dünýägözel Haýtekowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Darganata etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: