BIZE YAZYARLAR

Tebigat – bu durmuşyň özeni

Eziz Watanymyzyň tebigy baýlygyny we gözelligini aýawly saklamak, ony geljek nesillerimize ýetirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Tebigat bu adam üçin nämäni aňladýar? Bu biziň dem alýan howamyz, içýän suwumyz, hasyl alýan topragymyz. Ol biziň saglygymyzyň we maddy durmuşymyzyň çeşmesidir, çünki adam tebigy serişdelerden-nebitden, gazdan, minerallardan we beýlekilerden durmuş üçin zerur bolan zatlaryny öndürýär, jaý gurýar, egin-eşik, döwrebap tehnikalar öndürýär. Her bir adam bir hakykata düşünmeli, tebigat-bu durmuşyň özenidir. Tebigaty goramak, ol barada alada etmek gerek. Biziň jemgyýetimiziň esasy wezipesi ilata we ilkinji nobatda ýaşlara ekologiýa babatda aň-bilim bermek bolup durýar.
Türkmen edebiýatyny öwreniji alymlaryň bellemeklerine görä, Magtymgulynyň edebi mirasy gymmatly hazynadyr, ruhy baýlykdyr. Akyldar şahyryň goşgulary her bir ynsanyň kalbynda orun aldy, çünki şol şygyrlar diňe bir edebi gymmatlyk bolman, eýsem, pelsepewi garaýyşlardyr, çuňňur manyly pikirlerdir, öwüt-ündewlerdir. Şahyryň eserlerini okap, many-mazmunynyň çuňňurdygyna, giňdigine göz ýetirmek bolýar. Şonuň üçin hem bu gymmatly edebi mirasy, ruhy hazynany ýaşlara öwretmek asylly ýörelgämiz bolup durýar. Akyldar şahyryň watansöýüjilik hakyndaky öwüt-ündewleri milli terbiýede möhüm ähmiýete eýe boldy. Watansöýüjilik hakyndaky pikirler, öwüt-nesihatlar öz döwründe wajyp bolmak bilen bir hatarda hemişelik ýörelgeden ugur alýar. Watan hakyndaky pikirler adamzadyň hemişelik ýörelgesine, ynsanyň kalbynyň owazyna öwrülýär. Şahyr bu ugry tebigatyň gözellikleri, mertlik, batyrlyk bilen hem beýan etmegi başarýar. Şahyryň: Janym biziň, Soňudagy, Dagdanlydyr biliň seniň- diýip, başlaýan goşgy setirlerinde hem eziz Watanymyzyň tebigaty, onuň gözelligi wasp edilýär.
Goşgynyň many-mazmuny diňe bir tebigat bilen baglanyşykly däl, eýsem, onda küren iller, kerwen ýollary, umuman, gözel ýerleriň ilaty hakynda beýan edilýär. Dürli-dümen otuň biter, Her deräň bir ile ýeter, Hatarlanşyp kerwen öter, Naýbadaýdyr ýoluň seniň. Hut şunda hem tebigat bilen ýaşaýşyň sazlaşygyny görmek bolýar. Goşgynyň mazmunyna içgin aralaşaňda şahyryň ussatlygyna göz ýetirmek bolýar. Söz ussadynyň ýiti nazaryndan geçen her bir waka ýokary çeperçilige eýe bolýar. Watansöýüjiligi şeýle inçelik bilen yzarlamagyň özi hem ýokary ussatlyk diýip bellemek bolar. Şonuň üçin hem şahyryň dilinde watansöýüjilik dogduk mekanyndan, onuň giň sähralaryndan, dagy-düzünden, tebigatynyň gözelliginden başlanýar. Bu gözellikleri şygyrda wasp etmek bilen bolsa, okyjynyň kalbynda şu topraga bolan söýgini döredýär. Watansöýüjilik pikirleri şahyr esasy ýörelge edinýär. Şonuň üçin hem Watan hakyndaky pikirleri bilen dünýä göz ýetirýär, syrly dünýäni açýar. Bu pelsepewi garaýyşlar şahyryň şirin owazyna öwrülýär, has takygy, döredijiliginiň esasy özeni bolýar. Eziz Diýaryň gözelligini wasp etmek beýik akyldaryň oý-pikirlerini baýlaşdyrýar, garaýyşlaryna çuňňur many berýär. Şeýlelikde, ýokary çeperçilikli suratlandyran umyt-arzuwlary watansöýüjilik hakynda belent owaza, ajaýyp şygra öwrülýär.

Kesgiç-kesgiç baýyr geçer,
Gyzylbaýyr göwün açar,
Sowuk çeşme suwun içer,
Şonda dürli malyň seniň.

Goşgynyň many-mazmunynda Watanyň gözelligi, ajaýyplygy beýan edilýär. Nusgawy edebiýatymyzdaky şeýle baý mazmunly goşgulary öwrenmek we wagyz etmek, geljek nesillere ýetirmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Ekologiýa meseleleri, daşky gurşawy ýaramaz tehniki täsirlerden goramak bu gün tutuş dünýäde möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz bu meselä uly üns berýär. Türkmenistan BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Dünýäniň Ekologiýa Gaznasy hem-de beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejelerinde ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň onlarçasyny amala aşyrylýar.
Suw, ýer we biologik serişdelerini netijeli peýdalanmak, biologik köpdürliligi we tebigy landşaftlary goramak, çölleşmä we tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek babatda uly işler geçirilýär. Türkmenistanda eýeçiligiň görnüşine garamazdan, işiň ekologik taýdan howply görnüşlerini amala aşyrýan edaralar, kärhanalar, guramalar, şol sanda daşary ýurt edara görnüşli taraplar, olaryň şahamçalary, wekilhanalary, şeýle hem edara görnüşli tarapy döretmezden telekegilik işi bilen meşgullanýan şahsy taraplar üçin hökmany ekologik ätiýaçlandyrmasy girizildi.

Rozymeňli ÝANGIBAÝEWA we Nurjemal ÝAGŞYMYRADOWA,
Çärjew etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň mugallymlary.