Tebigat biziň öýümiz
Hormatly Prezidentimiz parasatly pikirlerinde, çykyşlarynda, öňe sürýän halkara başlangyçlarynda ekologiýa abadançylygyny gorap saklamaga, bu ugurda ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmaga we kanunçylygy berkitmäge ünsi çekýär.
Ekologik düşünje we tebigata söýgi ýaş çagalykdan başlap kemala gelýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerde tebigaty goramak, onuň gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek we hormat goýmak ýörelgelerinde terbiýe bermek, ýaş nesilleriň arasynda ekologik medeniýetiň derejesini ýokarlandyrmak döwletimiziň ileri
tutýan esasy ugurlarynyň biridir. Çünki, häzirki döwürde älem giňişliginde iň çylşyrymly meseleleri bilen öňe çykýan ekologiýa çuňňur öwrenmegi, ähli meseleleri düýpli seljermegi we netijeli baş alyp çykarmagy talap edýär. Şeýle döwürde ekologik düşünjeleri we bu babatdaky maglumatlary ýakyndan bilmek, akyl ýetirmek, ekologik nukdaýnazaryndan sowatly çemeleşmäni gazanmak möhüm wezipeleriň hatarynda ileri tutulýar. Çünki, arassa tebigatymyz arkaly sagdyn ýaşaýyş nusgasyny kemala getirýäris. Bu bolsa öz
gezeginde, halkyň jan saglygy üçin möhümdir.
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, her ýylyň ýaz hem-de güýz möwsümlerinde köpçülikleýin bag ekmegiň giňden ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde ýaşyl zolaklaryň çägi giňelýär, täze seýilgähler emele gelýär, howanyň ekologiýa derejesi ýokarlanýar. Tebigatyň oňyn howa şertlerini, jana
şypa beriji mineral we palçyk çeşmelerini peşgeş beren türkmen topragynyň şypahanalarynyň tebigy bejeriş hyzmatlarynyň hili dünýä ülňülerine laýyk gelýär. Adam tarapyndan abadanlaşdyrylan, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen şypahanalara gelýänlere Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň
dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen kadalar esasynda taýýarlanýan melhemlik içgileri hödürlenýär. Müň derdiň dermany jemlenýän şypahanalarda ilatyň saglygyny berkitmegi bilen bir hatarda, göwnejaý dynç almagy hem-de gözel tebigata özboluşly syýahat
etmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Melhemler ojaklarynyň bejeriş-öňüni alyş, sagaldyş-dikeldiş işlerinde tebigatyň serişdelerinden bolan gyzdyrylan daşlar, Garagumyň gyzgyn çägesi, ozon duzy, klimatoterapiýa, diýetaterapiýa, fitoterapiýa, palçyk bilen bejeriş terapiýasy, tebipçilik bejergisi
ýaly şypahana hyzmatlarynyň görnüşleri ulanylýar. Şoňa görä-de, tebigatyň syrly täsinliklerini özüne siňdiren sagaldyş ojaklary jana şypaly suwlarynyň, melhemlik serişdeleriniň aýratynlygy bilen ýurdumyzyň çäginden daşda hem meşhurlyk gazanýar. Ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda ekologiýa ulgamlaryny mundan beýläk-de baýlaşdyrmak, ýaşaýyş-durmuş gurşawyny soňky nesillere göze we göwne ýakymly nusgada galdyrmak döwletiň baş wezipesi hasaplanýar. Ilatyň şu günki we geljekki durmuşynyň sagdynlygynyň hatyrasyna tebigatyň üýtgewsizligini gazanmak üçin onuň serişdeleriniň rejeli
peýdalanylmagy ugrundaky ekologiýa çäreleri döwrüň talabyna laýyk ýola goýulýar. Täze gurulýan kärhanalar, durky täzelenýän desgalar daşky gurşawa, adamyň saglygyna zyýan ýetmeginiň öňüni almaga ukyply, kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Önümçilikde hojalyk galyndylarynyň zyýansyzlandyrylmagyna we gaýtadan işlenilmegine, gündelik durmuşda tebigy serişdeleriň tygşytly ulanylmagyna gönükdirilen döwrebap çözgütler kabul edilýär. Tebigatyň çig malyndan taýýarlanýan azyk önümleri halkara hil we ekologiýa, howpsuzlyk we netijelilik güwänamalaryna eýe bolýar. Bitaraplyk
ýörelgelerine esaslanyp, abraýly sebit we halkara guramalarynyň maslahatlarynda ekologiýa hyzmatdaşlygynyň täze görnüşlerini emele getirmek ugrundaky teklipleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar. Güneşli Diýarymyz tebigatyň goralyp saklanmagyna we onuň baýlyklarynyň ählumumy
bähbitler üçin ulanylmagyna bagyşlanan sebitara we halkara duşuşyklarynyň, ylmy-amaly maslahatlarynyň geçirilýän mekanyna öwrülýär. Bularyň ählisi, Türkmenistanyň öz çäginde, sebitde we bütin dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy gözüň göreji ýaly goramak meselesiniň örän derwaýyslygyndan ugur alýandygyny, bu wezipeleriň çözgüdini tapmakda halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn orun berýändigini aýdyň görkezýär. Umuman, milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsan durmuşynyň möhüm şerti bolan ekologiýa abadançylygy babatda öňe sürýän başlangyçlarynyň ähli döwletleriň we halklaryň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýändigi Türkmenistanyň halkara tebigaty goraýyş konwensiýalarynyň düzgünlerini berjaý etmäge işjeň
gatnaşýandygyna, bu ugurda üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyna şaýatlyk edýär.
Halk hojalygynyň dürli pudaklaryna häzirkizaman, ekologiýa nukdaýnazardan has kämil tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak bilen baglanyşykly degişli innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamaklyga hem-de parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň azaldylmagyna aýratyn üns berilýär.
Globallaşmak asyrynda tebigaty goramak işiniň ynsanperwerleşdirilmegini güýçlendirmek häsiýetlidir, bu ýerde ilkinji nobatda adam durmuşynyň we saglygynyň hökmany şerti hökmünde daşky gurşawyň hilini üpjün etmek öňe sürülýär. Şu nukdaýnazardan, daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak ulgamynda ýene-de bir wajyp ýörelge ýüze çykarylýar ýagny raýatlaryň daşky gurşawyň amatlyklaryna bolan hukugyny üpjün etmek ýörelgesi. Bu ýörelge Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda konstitusion kanunynda,
Tebigaty goramak hakynda, Atmosfera howasyny goramak hakynda, Döwlet ekologiýa ekspertizasy hakynda, Ösümlik dünýäsi hakynda, Haýwanat dünýäsi hakynda, Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda, Uglewodorod resurslary hakynda Türkmenistanyň Kanunlarynda, ýer, suw, tokaý, sanitariýa
kodekslerinde we beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalarda berkidilendir. Şu ýörelgäniň esasynda Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy maksady bolan-häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri amala aşyrylýar.
Ekologik medeniýetiň ýokarlandyrylmagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Döwletli başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Gülruh AÇILOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Tebigy bilimleri fakultetiniň «Biologiýa» hünäriniň 4-nji ýyl talyby.