JEMGYÝET

Teatryň artistleri «Farap» şypahanasynda myhmançylykda boldular

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik işgärleri «Farap» şypahanasynda myhmançylykda boldular.

Olar özleriniň gyzykly çykyşlary bilen bu ýerde saglygyny dikeldýän adamlara medeni hyzmat etdiler. Teatryň artistleri bilen bilelikde şypahananyň medeniýet işgäri Zarifjan Hojaniýazow hem çykyş etdi. Artistler aýdymlary, degişme sahnalary ýerine ýetirdiler, çeper eserlerden parçalary okadylar.

Teatryň artistleri bu ýerde ýygy-ýygydan bolýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: