Teatrda «Gülki sowgady»
Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatry hemmeleri 15-nji fewralda boljak «Gülki sowgady» atly konserte tomaşa etmäge çagyrýar. Adyndan hem belli bolşy ýaly, şol gün teatryň sahnasynda diňe gülküli sahnalar görkezilip, meşhur aýdymçylaryň aýdymlary eşitdiriler.
Teatryň döredijilik topary bu agşam barada jemgyýetçilik torlaryndaky hasaplary arkaly köp wagtdan bäri habar berip gelýärler. Görkeziljek sahnalaryň aglabasynyň täze eserler bolmagyna garaşylýar. «Gülki sowgady» şol gün agşam sagat 19:00-da başlanar.
Şeýle hem teatr 16-njy fewralda «Magtymguly, düşdüň yşgyň güzerne» atly täze eseri görkezer.