JEMGYÝET

TDP Saýatda okuw maslahatyny geçirdi

Saýat etrabyndaky 62-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat we etrap komitetleriniň işgärleriniň iş tejribelerini kämilleşdirmek maksady bilen okuw maslahaty geçirildi.
Oňa partiýanyň welaýat, şäher we etrap komitetleriniň işgärleri, sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy boýunça EHM-niň operatorlary gatnaşdylar.
Okuw maslahatynda resminamalaryň ýöredilişi, hatlaryň bellige alnyşy, iş meýilnamalarynyň düzülişi dogrusynda özara pikir alşyldy we maslahatlar diňlenildi. Şeýle-de kararlary, buýruklary we beýleki resminamalary dogry ýerine ýetirmekligiň, sanly ulgamda gizlin kody girizmegiň we üýtgetmegiň, onuň işleýiş düzgünlerini berjaý etmegiň, elektron sahypa açmagyň tertibi dogrusynda düşündiriş işleri geçirildi.