SYÝASAT

TDP-niň welaýat komiteti söhbetdeşlik geçirdi

Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň welaýat komteti welaýat kitaphanasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirdi.
Welaýatyň syýasy partiýalarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen söhbetdeşlikde türkmen Bitaraplygynyň ýörelgeleriniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Çykyşlarda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyndan ugur alnyp, ýurtda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere welaýatyň ýaşaýjylarynyň hem uly ruhubelentlik bilen gatnaşjakdyklary bellenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: