BILIM

TDP Çärjewde bilim işgärleri bilen duşuşyk geçirdi

Çärjew etrap häkimligi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti bilen bilelikde etrapdaky 63-nji orta mekdepde wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Üstümizdäki ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan duşuşyk «Bagtyýar ajap eýýam» diýlip atlandyryldy.
Duşuşyga etrabyň orta mekdeplerinde zähmet çekýän bilim işgärleri we ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda etrapda täze orta mekdeplerdir çagalar baglarynyň birnäçesi açylyp, ulanylmaga berildi. Öňümizdäki okuw ýylyna hem etrabymyzda ýene bir täze orta mekdebiň açylyş dabarasy bilen girişmek meýilleşdirilýär.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzalaryna Hormat
hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary hem gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: