Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitaby iňlis dilinde beýan etmek boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar gatnaşyp, olar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan bu eseriň mazmunyny iňlis dilinde beýan etdiler. Çäräniň dowamynda türkmen Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmegi we onuň dünýä giňişligindäki orny barada pikirler beýan edildi.
Bäsleşigiň guramaçylyk işlerinde akademik talaplaryň berjaý edilmegine aýratyn üns berildi. Düzgünnama laýyklykda plogiat, emeli aň programmalary hem-de internet çeşmeleri arkaly ýerine ýetirilen işler 0 bal bilen bahalandyryldy. Bu talaplar bäsleşigiň adalatly geçirilmegini üpjün etmek bilen bir hatarda, talyplaryň özbaşdak taýýarlyk derejesini kesgitlemäge mümkinçilik berdi.
TDMI Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby boýunça bäsleşik geçirdi
28
Jan
