BILIM

TDMI Türkmenistanyň iň zehinli ýaş geografiýaçylaryny we taryhçylaryny kesgitledi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan ýurduň orta mekdepleriniň 9 ― 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geografiýa we taryh okuw dersleri boýunça geçirilen internet bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy. Geografiýa okuw dersi boýunça 9-njy we 10-njy synplarda okaýan zehinli okuwçylar bäsleşen bolsa, taryh dersi boýunça 10― 12-nji synplaryň okuwçylary ukyplaryny barlap gördüler. Bäsleşikde lebaply okuwçylaryň hem birnäçesi öňdäki orunlara eýe boldy.
Geografiýa okuw dersi boýunça Saýat etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň okuwçysy Bossan Arslanowa Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndan gelen Eziz Annaorazow bilen bilelikde birinji orny paýlaşdy. Şeýle hem 9-njy synp okuwçylarynyň arasynda lebaply ýaş zehinleriň dördüsi ikinji, bäşisi üçünji orna
mynasyp boldy.
Bu okuw dersi boýunça 10-njy synp okuwçylarynyň arasyndaky bäsleşikde birinji orna mynasyp bolmak Ahal, Daşoguz we Mary welaýatlaryndan gatnaşan ýaş zehinlere başardan hem bolsa, biziň welaýatymyzyň okuwçylary ikinji orunlaryň dördüsini, üçünji orunlaryň bolsa on üçüsini eýelediler.
Taryh dersi boýunça 10-njy synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde Saýat etrabynyň 9-njy we 34-nji orta mekdebiniň okuwçylary Kakajan Şöhradow bilen Nurana Batyrowa birinji orny eýelän dört okuwçynyň arasyna girmegi başardy. Olaryň yz ýany bilen lebaply ýaş taryhçylaryň üçüsi ikinji,
ýedisi bolsa üçünji orny eýeledi.
11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde bolsa öňdäki orunlaryň agramly bölegini paýtagtymyzdan, Daşoguz we Mary welaýatlaryndan gatnaşan zehinli ýaşlar eýelediler. Ak mekdepden şu ýyl uçurym bolýan ýaş taryhçylaryň arasynda bolsa lebaply mekdep okuwçylarynyň biri ikinji, ýene biri üçünji orny eýeledi.
Her bir okuw dersi boýunça her ýaş derejesindäki bäsleşige ýurdumyzyň ähli sebitlerinden zehinli okuwçylaryň 100-den gowragy gatnaşdy.