«Times Higher Education (THE)» Britan guramasynyň garaşsyz halkara bilermenleriniň ykrarnamasyna eýe bolan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si «THE Impact Rankings-2025» atly her ýyl çap edilýän täsir etmegiň ählumumy reýtinginiň ýedinji neşiriniň setirlerinde
ýerleşdiler. Olaryň arasynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty hem bar.
«THE Impact Rankings» reýtingi 2019-njy ýyldan bäri geçirilýär hem-de netijeliligiň esasy ählumumy sanawy bolup durýar. Şonda uniwersitetlere Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kesgitlenilen we durmuş-ykdysady ösüş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen 17 Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) gazanylmagy boýunça baha berilýär.
Şu ýyl dünýä reýtinginde BMG-niň DÖM-iň gazanylmagynda ýeten ösüşleri esasynda 130 ýurtdan we çäklerden uniwersitetleriň 2526-sy görkezildi.
«THE Impact Rankings»-iň abraýly dünýä reýtinginiň sanawyna goşulmak isleýän ýokary okuw mekdepleriň sany ýyl-ýyldan artýar. Munuň özi dünýäniň uniwersitetleriniň durnukly ösüşi üpjün etmäge hem-de DÖM-iň gazanylmagyna mynasyp goşant goşmagy maksat edinýändiklerini beýan
edýär.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýä derejesinde ykrarnama mynasyp bolup, «THE Impact Rankings»-iň we beýleki abraýly dünýä reýtingleriniň sanawlarynda orunlary barha işjeň eýeleýärler. Bu bolsa ýurtda BMG-niň DÖM-ni gazanmak boýunça, şeýle hem umuman, ylym we bilim ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijelidiginiň aýdyň subutnamasydyr.
TDMI «THE Impact Rankings-2025» reýtinginden orun aldy

25
Jun