BILIM

TDMI talyplaryň arasynda taryh dersinden bäsleşik geçirdi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda taryh dersi boýunça geçirilen bäsleşik tamamlandy. Onda talyplaryň 32-si baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Internet bäsleşiginde iň ýokary netijeleri guraýjy ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň gazanandygyny aýratyn nygtamak gerek. Has takygy, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Banu Babajanowa 65 utuk toplap, bäsleşigiň iň ýokary utugynyň eýesi boldy. Onuň bilen birlikde şu ýokary okuw mekdebiniň 61 utuk toplan talyby Serdar Merdanow hem birinji orna şärik boldy.
Umuman, bäsleşikde talyplaryň dördüsi birinji, 10-sy ikinji, 18-si üçünji orny eýeledi.