TDMI talyplaryň arasynda mugallymçylyk ussatlygyna bagyşlanan bäsleşik geçirdi
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guramagynda 2025-
nji ýylyň 15-20-nji marty aralygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Berdimuhamet Annaýewiň durmuş we zähmet ýoly mugallymçylyk ussatlygyny
kämilleşdirmegiň usulyýet esasydyr” atly usulyýet bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşikde talyplar dünýäniň iň öňdebaryjy mugallymçylyk iş tejribelerini, ylmyň gazananlaryny, okatmagyň öňdebaryjy usullaryny, innowasion tehnologiýalaryny giňden peýdalanyp, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden Aýtäç Hakyýewa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndan Jemal Mämmedowa we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan Aýlar Ýagşygeldiýewa dagylar birinji orna mynasyp boldular. Guraýjy ýokary okuw mekdebiniň talyplary Begenç Salamatowyň, Güljennet Hydyrowanyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwesitetinden gatnaşan Bilbil Abaýewanyň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan Aýlar Annadurdyýewanyň ikinji orny eýelän bäsleşiginde öňdäki orunlaryň üçlügini ýene-de guraýjy ýokary okuw mekdebinden Şoron Bakaýewa bilen Jemşit Mirzaýew dagylar jemledi.