BILIM

TDMI talyp ýaşlaryň arasynda çeper okaýyş bäsleşigini yglan etdi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň gurnamagynda
2025-nji ýylyň 31-nji martynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň
arasynda “Kitap gözýetimiň örüsi” atly çeper okaýyş bäsleşigi geçirilýär.
Bäsleşik onlaýn görnüşinde geçirilip,oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň islendik
hünärde okaýan talyby gatnaşyp biler.
Bäsleşik talyp ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, innowasion tehnologiýalary
ýokary derejede ulanyp bilýän hünärmenleri taýýarlamak, nusgawy edebiýatymyzyň
wekilleriniň edebi mirasyny ebedileşdirmek, olaryň döredijiligine bolan söýgini terbiýelemek,
türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan kitap okamak, öwrenmek we amal etmek endiklerini
ösdürmek arkaly ýaşlaryň milli aňyýetini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýär.