BILIM

TDMI rus dilinde esse ýazmak boýunça iň zehinli ýaşlary kesgitledi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rus dili we edebiýat, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasy tarapyndan ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly esse ýazmak bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.
Bu bäsleşikde baş baýraga Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Şasenem Şaberdiýewa mynasyp boldy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň 5-si birinji, 10-sy ikinji, 15-si bolsa üçünji orunlara mynasyp görüldi.
Ýeňijileriň arasynda guraýjy ýokary okuw mekdebiniň talyplary Nurgözel Ýazmyradowa, Leýli Romanowa (ikisi hem birinji orun), Aýbibi Gurbandurdyýewa, Miwe Durdyýewa, Jeren Täşliýewa, Leýli Batyrowa (ählisi ― ikinji orun), Jahan Annamyradowa we Aknur Nowruzowa (ikisi hem üçünji orun) dagy bar.