BILIM

TDMI pars dili boýunça iň ukyply ýaşlary kesgitledi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda pars dili boýunça Internet bäsleşigini geçirdi. “Dost-doganlyk dilleri – parahatlyk ýollary” diýlip atlandyrylan bäsleşige talyplaryň onlarçasy gatnaşdy.
Bäsleşik iki ugurda geçirildi. Birinji ugurda pars dili we edebiýaty hünär ugry boýunça okaýan talyplar bäsleşen bolsa, ikinji ugurda diňe pars diliniň özüni öwrenýän ýaşlar güýç synanyşdylar.
Birinji ugurda talyplaryň üçüsi, şol sanda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Atamyrat Öwezow hem birinji orny eýeledi. Ikinji ugurda bolsa bu ýokary ýokary okuw mekdebiniň talyplary ikinji we üçünji orunlary eýelediler.