BILIM

TDMI pars dili boýunça bäsleşik geçirýär

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň pars dili we edebiýaty hünärinde okaýan hem-de pars dilini ders hökmünde öwrenýän talyplarynyň arasynda «Dost-doganlyk dilleri ― parahatçylyk ýollary» atly temada sözleýşiň suratlandyrma görnüşinde tekst düzmek boýunça bäsleşik geçirýär. 
Bäsleşige her bir ýokary okuw mekdebinden 5 talyp gatnaşyp biler. Bäsleşigiň netijeleri jemlenende hünär ugry pars dili we edebiýaty bolan talyplaryň işleri hem-de pars dilini ders hökmünde öwrenýän talyplaryň işleri aýratynlykda bahalandyrylar. Taýýarlanylan işler  2025-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli kabul edilýär. Bäsleşik 2025-nji ýylyň 26-njy maýynda jemlenip, netijeler institutyň resmi web-saýtynda (www.tdmugi.edu.tm) yglan edilýär.