BILIM

TDMI-niň ýene bir talyby halkara bäsleşigiň ýeňijisi bold

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Biologiýa» hünäriniň 4-nji ýyl talyby Mukam Saryýew Russiýada geçirilen «New Science Award 2025» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Ol bu bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, birinji derejeli diploma mynasyp boldy.
Bäsleşigiň jemlerine laýyklykda, Mukam Saryýewiň ylmy işi halkara bäsleşigiň ýeňijileriniň ylmy makalalar ýygyndysyna girizildi we bäsleşigiň arhiwinde çap edildi. Bu üstünlik ýaş alymyň ylmy gözlegleriniň ýokary derejede ykrar edilendigini görkezýär.