«Nahal» hojalyk jemgyýeti Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygyny alyp barýar.
Munuň üçin işçi-hünärmenler gurluşyk işlerini yhlas bilen alyp barýarlar.
Gurluşykda 1000-e golaý adam zähmet çekýär. Institutyň binalar toplumy, nesip bolsa, geljek ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde ulanylmaga berler.
«Nahal» hojalyk jemgyýetiniň welaýatymyzyň çäginde amala aşyran gurluşyklary hil taýdan tapawutlanýar. Bu hojalyk jemgyýetiniň gurluşykjkçylary welaýat köpugurly hassahanasynyň, welaýat kitaphanasynyň, welaýat saglygy dikeldiş we okuw-terbiýeçilik toplumynyň, «Bagtyýarlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň binalaryny hem gurdular.
TDMI-niň täze binasynyň gurluşygy okgunly dowam edýär
30
Oct
