BILIM

TDMI-niň täze binalarynyň gurluşygy ýokary depgin bilen dowam edýär

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygynda bu baýry ýokary okuw mekdebiniň 700 orunlyk kitaphanasynyň, mugallymlar we talyplar üçin saglyk öýüniň, 1000 orunlyk naharhananyň, dabaraly çäreleri geçirmek üçin meýdançalaryň 3-siniň, sport klubunyň, 500 tomaşaçylyk orny bolan stadionyň, açyk meýdanda ýerleşen sport meýdançalarynyň binalary boýunça işleriň agramly bölegi ýerineýetirildi.
 Taslamada göz öňünde tutulan işleriň käbiri tamamlanyp barýar. Hersi 360 orunlyk 5 sany umumy ýaşaýyş jaýynda ýerine ýetirilen işler hem işçi-hünärmenleriň öz işleriniň ussatlarydygyna güwä geçýär. Bu jaýlaryň daşky diwaryndaky mermer plitalary Gün şöhlesine şugla saçýar. Mugallymlar üçin 12
öýli we talyplaryň 200-si üçin niýetlenilen saglyk öýi bolan bir sany umumy ýaşaýyş jaýy hem taýýar diýen ýaly.
Binalar toplumyndaky bilim almak üçin amatlylyklaryň sanawy giň. Ulaglar üçin üsti ýapyk we açyk duralgalaryň 5-si gurulýar. Binalar toplumynda talyplaryň 5000-siniň okap, bilim almaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin gurulýan binalaryň sany 20-ä ýetýär.