Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol beýik başlangyçlaryň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär. Bu döwrebap desganyň gurluşygy hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Nahal» hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp barylýar.
Bellenilişi ýaly, 5 müň orunlyk täze binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda tamamlamak we ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. 26 gektar meýdanda ýerleşýän bu döwrebap bilim ojagy dolandyryş-okuw binasyny, 700 we 200 orunlyk mejlisler zallaryny, fakultetler üçin okuw binalaryny, mugallymlar üçin ýaşaýyş jaýyny, talyplar üçin 2 müň orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlaryny, 1000 orunlyk naharhanany, 700 orunlyk kitaphanany, stadion we sport desgalaryny öz içine alýar. Şeýle giň mümkinçilikler talyp ýaşlaryň bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy we medeniýetli dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini görkezýär.
Häzirki wagtda gurluşygyň esasy işleri tamamlanyp, binalaryň içki bezeg we diwarlary gaplamak işleri alnyp barylýar. Toplumyň umumy ýaşaýyş jaýlarynda mebelleri ýerleşdirmek işlerine girişilendigi hem bellenilýär. Ýakyn wagtda bolsa daşary ýurtlaryň ösen döwletlerinden getirilýän kämil tehnologiýalary ornaşdyrmaga taýýarlyk görülýär. Täze binalar toplumy Türkmenabat şäheriniň binagärlik keşbine aýratyn bezeg berip, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylynda, Bilimler we talyp ýaşlar gününde dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler.
TDMI-niň täze binalar toplumy enjamlaşdyrylyp başlandy
17
Feb

