Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Nariman Niýazow bilen Serdar Myradow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan himiýa dersi boýunça geçirilen IV halkara olimpiadasynda üçünji orna mynasyp boldular. Bäsleşik «Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde geçirildi.
Bäsleşige ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinden zehinli talyplaryň 250-ä golaýy gatnaşdy. Olar «A» we «B» derejelerinde bäsleşdiler. «A» derejesinde himiýa hünäri boýunça bilim alýan talyplar ukyp-başarnyklaryny görkezen bolsa, «B» derejesinde okaýan ugry himiýa hünäri bolmadyk talyplar bäsleşdi. Şunda institutymyzyň talyplaryndan Nariman Niýazow «A», Serdar Myradow bolsa «B» derejede üstünlik gazandy.
Şu günler baýry ýokary okuw mekdebiniň talyplary öňde duran täze bäsleşiklere taýýarlyk görýärler.
TDMI-niň talyplarynyň ikisi himiýa boýunça halkara olimpiadanyň ýeňijileri boldular
21
Oct
