BILIM

TDMI-niň talyplary rus dili boýunça döwlet bäsleşiginde ýeňiji boldular

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarynyň ikisi rus dili boýunça geçirilen «Dil baýlygy ― il baýlygy» atly II milli olimpiadanyň öňdäki orunlaryna eýe boldular.

Has takygy, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan geçirilen bilim bäsleşiginde Türkmenabat şäherinde ýerleşýän baýry ýokary okuw mekdebiniň talyby Altynjemal Sylabowa zehinli deň-duşlarynyň sekizisi bilen bilelikde birinji orny eýeledi. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Enegül Abdullaýewa hem öňdäkileriň üçlügine girmegi başardy.

Ýeri gelende aýtsak, bäsleşikde talyplaryň birisi baş baýraga, dokuzysy birinji orna, ýigrimi bäşisi bolsa ikinji we üçünji orunlara eýe boldy. Olaryň arasynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarynyň hem bolmagy bu baýry ýokary okuw mekdebinde ýaşlara berilýän bilimiň çuňňurlygyndan nyşandyr.

Bäsleşik uzak aralykdan barlagnama görnüşinde geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 115 talyp gatnaşdy.

«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde guralan bäsleşik talyplaryň şu ders boýunça ukyplaryny ösdürmekde we kämilleşdirmekde, olaryň bilim derejesine baha bermekde, has ýiti, döredijilik zehinli, başarnykly talyplary kesgitlemekde, şeýle hem geljekde milletara gatnaşyklar dili hökmünde rus dilini öwrenmäge islegi höweslendirmekde uly ähmiýete eýedir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: