Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň guramagynda geçirilen VI açyk halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça institutyň talyplary jemi 8 medal gazandylar. «A» derejede çykyş eden talyplardan Gurtgeldi Hanow we Jennet Joraýewa altyn, Myrat Janmyradow kümüş, Gülnur Şamyradowa bolsa bürünç medala mynasyp boldy. «B» derejede bolsa Täjinar Babamyradowa altyn, Kemal Hydyrow bilen Anwar Azziýew kümüş, Aýşat Merdanowa bolsa bürünç medal gazandy.
Şeýle hem Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary toparlaýyn bäsleşikde kümüş medala mynasyp boldular.
TDMI-niň talyplary halkara ýaryşda kümüş medal gazandylar
08
Apr

