Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen Buhara halkara matematika (BIMO-2026) we himiýa (BIChO-2026) olimpiadalarynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary ajaýyp ýeňiş gazandylar. Şahsy bäsleşiklerde “Matematika we informatika” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Gurtgeldi Hanow altyn medala, 2-nji ýyl talyby Myrat Janmyradow bolsa kümüş medala mynasyp boldy. Şeýle hem “Himiýa” hünäriniň 4-nji ýyl talyplary Nariman Niýazow we Allanazar Şatlykow dagy bürünç medallary eýeläp, öz bilim ojaklarynyň abraýyny halkara derejesinde belende göterdiler.
Institutyň talyplary diňe bir şahsy däl, eýsem toparlaýyn bäsleşiklerde hem ýokary ussatlyk görkezip, matematikadan kümüş kuboga, himiýadan bolsa bürünç kuboga eýe boldular. Ýaşlarymyzyň gazanan bu ajaýyp üstünlikleri türkmen talyplarynyň zehininiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu halkara ýeňişler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy we ylymda täze belentlikleri eýelemegi üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň miwesidir.
