BILIM

TDMI-niň talyplary halkara bäsleşikde 8 medal gazandylar

2026-njy ýylyň 24–25-nji martynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň guramagynda VI açyk halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan zehinli ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen bu abraýly bäsleşikde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary üstünlikli çykyş etdiler.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça TDMI-niň talyplary jemi 8 medal gazanyp, ýokary taýýarlyklaryny görkezdiler. Bu üstünlik ýaşlaryň matematika ugrundaky bilim derejesiniň hem-de halkara derejede bäsdeşlige ukyplylygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
A derejede çykyş eden talyplardan Gurtgeldi Hanow we Jennet Joraýewa altyn medallara, Myrat Janmyradow kümüş medala, Gülnur Şamyradowa bolsa bürünç medala mynasyp boldy. Bu görkeziji talyplaryň nazary bilimleriniň hem-de amaly başarnyklarynyň ýokary derejesini görkezýär.
B derejede bolsa Täjinar Babamyradowa altyn medala, Kemal Hydyrow hem-de Anwar Azziýew kümüş medallara, Aýşat Merdanowa bolsa bürünç medala eýe boldular. Şeýle hem TDMI-niň talyplary toparlaýyn bäsleşikde kümüş medaly gazanyp, toparlaýyn çykyşda hem üstünlik gazandylar.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarynyň gazanan bu netijeleri olaryň yzygiderli taýýarlygynyň we bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijelidigini görkezýär.