Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilen döwlet bäsleşiginde iň köp orny eýelänleriň hataryndadyr. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Neşiriň ýazyşy ýaly, Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili, rus dili, iňlis dili, matematika, fizika, himiýa, biologiýa, ykdysadyýet, häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy, inžener grafikasy, nazary mehanika, materiallaryň garşylygy, ekologiýa dersleri boýunça geçirilen bäsleşiklere 800-den gowrak talyp gatnaşdy.
Talyplar 88 sany 1-nji orna, 181 sany 2-nji orna we 223 sany 3-nji orna mynasyp
boldular. Birinji orna eýe bolan talyplarynyň sany boýunça Türkmen oba hojalyk instituty, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, Döwlet energetika instituty, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty tapawutlandy. Orunlarynyň umumy sany boýunça 40-a golaý görkeziji bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti öňdeligi eýeledi.
TDMI-niň talyplary döwlet bäsleşiginde öňdäki orunlary eýelediler

04
Jan