BILIM

TDMI-niň talyplary ders bäsleşiklerinde öňdäki orunlaryň 31-sine mynasyp boldular

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda 2025-nji ýylyň 24–26-njy dekabry aralygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda okuw dersleri boýunça döwlet bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan 11 ders boýunça 33 talyp gatnaşdy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça institutyň 31 talyby baýrakly orunlara mynasyp boldy. Hususan-da, talyplar Türkmenistanyň taryhy, Türkmen dili we edebiýaty, Rus dili we edebiýaty, Iňlis dili, himiýa, biologiýa, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, matematika, fizika, nazary mehanika hem-de häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary dersleri boýunça çykyş edip, 6 sany I orun, 13 sany II orun we 12 sany III orun gazandylar.